Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe gündeligi: Türk agdarylyşyk synanyşygy, Orsýet we Günbatar 


Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen rus prezidenti Wladimir Putiniň ýanaşyk suraty

Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen rus prezidenti Wladimir Putiniň ýanaşyk suraty

Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 9-njy awgustda rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin Sankt Peterburga barýar.

Olar esasan iki meselede hyzmatdaşlygy ösdürmek – Siriýa krizisine umumy we bilelikdäki çözgüt tapmak webiznes hem energiýa, şol sanda Orsýet bilen Türkiýäniň arasynda aýlap dowam eden gapma-garşylyk mahalynda togtan syýahatçylyk, söwda gatnaşyklaryny, gurluşyk proýektlerini doly dikeltmekbarada maslahat ederler.

Iki tarap hem, görnüşinden, golaýda Türkiýede bolan agdarylyşyk synanyşygyny özara gatnaşyklary düzetmek üçin ulanýar.

Bu Erdoganyň 15-nji iýulda öz hökümetine garşy edilen agdarylyşyk synanyşygyndan soň daşary ýurda edýän ilkinji saparydyr. Agdarylyşyk synanyşygy türkleriň aglaba köplügi tarapyndan ret edildi we howpsuzlyk güýçleri tarapyndan basylyp ýatyryldy.

Bu waka tutup saklamalar, tussag etmeler, on müňlerçe adamyň 1999-njy ýyldan bäri Birleşen Ştatlarda, öz erkine bosgunlykda ýaşaýan türk ruhanysy Fethulla Güleniň toparynyň agzasy ýa-da oňa duýgudaş hökmünde aýyplanyp, işden çetleşdirilmegi bilen utgaşdy.

Ol türk hökümeti tarapyndan goşuna, adalat we bilim sistemasyna, media we biznes dünýäsine sümlüp girýängizlin gurama gurmakda aýyplandy.

Sankt Peterburg sapary türk we rus prezidentleriniň arasynda Türkiýe noýabr aýynda siriýa-türk serhedinde Orsýetiň söweş uçaryny urup ýykaly bäri bolýan ilkinji duşuşykdyr. Erdogan şol wagt, Orsýetiň Siriýadaky bombalaýyş kampaniýasyna gatnaşýan uçarynyň Türkiýäniň howa giňişligine bikanun girendigini aýdyp, bu çäräni berk gorapdy.

Siriýa konflikti barada aýdylanda, Türkiýe 2010-njy ýylyň başlarynda ýaragly gozgalaňçy toparlary, şol sanda prezident Başar al-Assadyň hökümetine garşy uruşýan ekstremist yslamçylary goldamakdan başlap, 2015-nji ýylyň sentýabrynda bu urşa işjeň goşuldy. Bu ýagdaý şol wagta çenli gowy aragatnaşykda bolan Orsýet bilen Türkiýäniň arasynda regional gapma-garşylyk döretdi.

Uçar hadysasyndan soň bolsa, bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyk taryhy bir derejede aşak gaçdy. Putin rus uçarynyň urlup ýykylmagyny – bu paraşýut bilen siriýa topragyna böken rus pilotynyň öldürilmegine getirdi, «uruş jenaýaty» diýip atlandyrdy we Erdoganyň ötünç soramagyny talap etdi.

Şeýle-de Orsýet Türkiýä garşy temmi beriş çärelerini gördi, şol sanda rus syýahatçylarynyň Türkiýä gitmeginiň, türk harytlarynyň ýurda getirilmeginiň öňüni baglady we bular Türkiýäniň ykdysadyýetinde dartgynlylyk döretdi.

Soňra bolsa, sen-men ýok, Orsýet iýunda Erdoganyň Putine urlup ýykylan rus uçary babatda ötünç hatyny iberendigini yglan etdi hem-de iki tarap öz meselelerini çözmek, Siriýadaky krizisi soňlamak tagallalarynda umumy çykalga tapmak, özara gatnaşyklary ösdürmek barada ylalaşyga geldi.

Emma muňa garamazdan, çatak sowallar, hususan-da gürrüň Siriýa we Assadyň geljegine gelende, çözgütsiz galýar.

Türk prezidentiniň sözçüsi Ibrahim Kalin Erdoganyň öňde duran sapary barada söz açyp, Türkiýe «Siriýada [häkimiýetiň] syýasy geçişi, ähli siriýala kabul ederlik demokratik we plýuralistik syýasy gurluşy tapmak üçin Orsýet bilen bilelikde işleşmek» isleýär diýdi.

Emma muňa garamazdan, ol «Orsýetiň we Türkiýäniň ikisiniň hem bähbidine bolan şeýle çözgüdiň [Başar] Assadyň häkimiýetde galan ýagdaýynda mümkin däldigini» sözüne goşdy.

Görnüşinden çen tutulsa, has gowy ykdysady we energiýa hyzmatdaşlyklaryny dikeltmek eýýäm ýol alýar. Ozaly, rus tebigy gazyny Türkiýä aşyrmak hiç wagt böltelmedi. Rus syýahatçylarynyň Türkiýä gatnamagyny gaýtadan ýola goýmak meselesi biraz çylşyrymly, munuň bir tarapy iýunda Stambul aýeportynda bolan ganly terror hüjümi bilen bagly bolsa, ikinji tarapy golaýda bolan agdarylyşyk synanyşygyna ulaşýar. Bularyň ikisi hem, dynç alyş möwsümine gabat gelip, türk turizmine mazaly zyýan ýetirdi.

Erdogan bilen Putin arasyndaky duşuşygyň baş meselesi daşary syýasat boljaga meňzeýär. Iki lideriň maslahatynyň esasy özeni hem görnetin Siriýa syýasatybolar.

Bu iki tarapyň Siriýa babatdaky «ýagşy niýet utgaşdyryjy pozisiýalary» Birleşen Ştatlaryň Siriýada Assada garşy göreşýän ýaragly toparlara we kürt pitneçilerine berýän goldaw tagallalaryna potensial gaýtawul boljak ýaly görünýär. Bu ssenariýa Orsýetiň kürtlere berýän öz goldawy bilen hem çylşyrymlaşdyrylyp bilner.

Emma Orsýet, görnüşinden, golaýdaky agdarylyşyk synanyşygyna dahyllylykda iki meseläni, häzirki Türkiýe-ABŞ we umuman alnanda bolsa Türkiýe-Günbatar arasyndaky aýyplaýjy ynamsyzlyk atmosferasyny çuňlaşdyrmak we Türkiýäni Orsýetiň daşary syýasat kordinatlaryna golaýlatmak maksadyny yzarlaýar.

Türk resmileri we mediasy agdarylyşyk synanyşygynyň ilki başyndan Günbatar, aýratyn-da Birleşen Ştatlar we NATO ýarany, agdarylyşyk synanyşygyny ýazgarmaga howlukmady we muňa göwünsiz boldy diýen pikiri öňe sürdi.

Erdogan we başga-da bir topar türk syýasatçysy, agdarylyşyk synanyşygynyň arkasynda Günbataryň, aýratyn-da ABŞ-nyň bolandygyny ýaňzytmakdan hem çekinmedi. Ikinjiden, türk hökümeti Güleniň, Ankara tarapyndan terrorçy we agdarylyşyk synanyşygynyň planlaşdyryjysy hasaplanylýan ruhanynyň ABŞ-dan Türkiýä ekstradisiýa edilmegini talap etdi.

Waşington, özüniň bu agdarylyşyk synanyşygyna hiç bir baglanyşygynyň ýokdugyny aýdyp, Ankaranyň aýyplamalaryny ret etdi we «Güleniň bu synanyşyga şahsy gatnaşygy barada anyk subutnama» sorady, hökümetiň gutarnykly kanuny netijelere - ýyllap wagt alyp biljek prosese daýanýan ekstradisiýa talaby esasynda hereket etjekdigini aýtdy.

Şu aralykda, turuwbaşdan agdarylyşyk synanyşygyny ýazgaran we Erdogana özüniň doly goldawyny teklip eden Moskwa Türkiýäniň gowy «dosty» bolup görünmäge synanýar.

Rus kanun çykaryjylary «Birleşen Ştatlaryň Güleni hiç wagt ekstradisiýa etmejekdigini, sebäbi Merkezi aňtaw gullugynyň onuň we agdarylyşyk synanyşygynyň arkasynda durandygyny» öňe sürdiler. Dyzmaç syýasatçy Wladimir Žirinowskiý bolsa has öte geçip, «Gülen we ABŞ Türkiýäniň duşmanlary» diýmäge çenli baryp ýetdi.

Erdoganyň başda rus uçarynyň urlup ýykylmagynyň arkasynda berk durandygyna garamazdan, agdarylyşyk synanyşygyndan bäri, Türkiýe bu hadysada, hamala, Gülene gol ýapýan pilotlary aýyplamaga synandy.

Mundan-da beteri, Erdogan-Putin duşuşygynyň öňüsyrasynda, türk mediasy Gülen hereketiniň «Orsýet-Türkiýe» urşuny tutaşdyrmaga synanýandygy, hamala, NATO agzasy bolan Türkiýäni Orsýet bilen ýakyn gatnaşyk gurmakdan uzakda saklamak üçin, "CIA-MI6-Mossad planynyň" (ABŞ-nyň, Angliýanyň, Ysraýylyň aňtaw maglumatlaryny toplaýan gulluklary – redaktoryň belligi) düzülendigi barada gep-gürrüňlere esaslanýan “habarlary” ýaýratdy.

Fransuz gazeti bolsa, «ynamdar günbatar çeşmesi» diýilýäne salgylanyp, agdarylyşyk agşamy ABŞ goldawyndaky söweş uçarlarynyň Erdoganyň dynç alyşda bolýan myhmanhanasyny bombalamaga synanyşandygyny, şol wagtam Putiniň rus söweş uçarlaryna Erdogany goramagy buýrandygyny öňe sürýär.

Siriýa babatda umumy Türkiýe-Orsýet pozisiýasyny kemala getirmek tagallasyndan başga, bu duşuşyk, Erdoganyň Putine başa barmadyk agdarylyşyk synanyşygyndan soň goltgusy üçin sag bol aýtmagy, Putiniň bolsa türk liderini Orsýetiň geljekki goldawyna hem ynandyrmagy bilen, toý-dabara hem esas boljaga meňzeýär.

Synçy we kommentator Kadri Gursel bulary jemläp, şeýle netije çykarýar:

"Günbatary gorkuzmak üçin, Erdogan Türkiýäniň Orsýete barha ýakynlaşýandygyny görkezer."

Emma muňa garamazdan, hakykatda, Orsýetiň Ankara inwestisiýa, tehnologiýa, goranyş we söwda babatda kän teklip edere zady ýok. Türkiýäniň Günbatar bilen çuň we özara garaşly gatnaşygy bar. Türkiýäniň Günbatardan çetleşmegi NATO üçin-de, Günbatar üçin-de gowy däl, emma Türkiýäniň özi üçin has erbet.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG