Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus ozalky žurnalisti Türkmenistana ekstradisiýa etmekçi bolýar


 Çary Annamyradow
Çary Annamyradow

Belarusyň Serhet goragy komiteti 5-nji awgustda Türkmenistanda doglan we şwed raýaty bolan ozalky žurnalisti Türkmenistana ekstradisiýa etmekçi bolýandygyny aýtdy.

Komitetiň agzasy Aleksandr Tişçenko AP habar gullugyna Çary Annamyradowyň iýul aýynda Belarusa uçup gelende tussag edilendigini, sebäbi onuň adynyň birnäçe öňki sowet respublikasy bilen umumylykda gözlenilýän adamlaryň sanawynda bolandygyny aýtdy.

Owganystan, Türkmenistan, Orsýet we Ýewropa ýurtlary arasyndaky neşe gaçakçylygyny derňän ozalky žurnalist Annamyradow 1991-nji ýylda Türkmenistanda neşe maddasyna eýe bolmakda aýyplanyp, 18 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi diýip, habarda aýdylýar.

Hukuk toparlary oňa garşy aýyplamalaryň syýasy sebäpli bolandygyny aýdýarlar. Annamyradow birnäçe ýyl soň türmeden boşadyldy we Türkmenistandan gaçdy.

Ol Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugy bilen hyzmatdaşlyk edende gysga wagt Pragada boldy wesoň Şwesiýadan syýasy gaçybatalga alyp, şol ýere göçdi.

Şeýle-de, aýdylmagyna görä, ol lakam astynda «Deutsche Welle» radiosyna habarçylyk etdi.

XS
SM
MD
LG