Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa Hytaýyň dawaly territoriýada radar ýerleşdirmegine protest bildirdi


Günorta Hytaý deňzi, maý, 2016.
Günorta Hytaý deňzi, maý, 2016.

Ýaponiýa Hytaýyň Günorta Hytaý deňziniň dawaly böleginiň golaýynda radar gurallaryny ornaşdyrmagy bilen baglylykda Pekine resmi protest bildirdi.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň 7-nji awgustda bildiren protestinde Pekiniň gaz öndüriji platformalaryny harby maksatlar üçin ulanyp biljekdigini görkezýän hereketine aladalanma bildirildi.

Ýaponiýa öz beýannamasynda Pekiniň radar gurallarynyň işleýşine degişli düşündiriş bermegini talap edýär. Ýaponiýa agzalan radaryň ýerleşdirilendigini iýun aýynda anyklady.

Soňky aýlarda Hytaýyň dawaly territoriýa degişli öz talaplaryny güýçlendirmeginiň netijesinde goňşy ýurtlaryň arasyndaky dartgynlylyk güýçlendi.

Geçen aýda Gollandiýanyň halkara dawalara seredýän sudy Hytaýyň Günorta Hytaý deňzine degişli talaplaryny kanagatlandyrmakdan ýüz öwürdi.

6-njy awgustda Hytaýyň howa güýçleri deňziň dawaly giňişliklerinde gözegçilik uçuşlaryny amala aşyrdy, şeýle-de Hytaýyň serhet gözegçilik gämileri 200 çemesi balykçylyk gämisi bilen bilelikde kerwen gurup geçdi.

XS
SM
MD
LG