Sepleriň elýeterliligi

Rio: Paralimpia komiteti orsýetli sportsmenlere degişli karar çykarar


Orsýetli sportsmen Fýodor Trikoliç, 14-nji paralimpia oýunlary, London, 2012

Orsýetli sportsmen Fýodor Trikoliç, 14-nji paralimpia oýunlary, London, 2012

Halkara paralimpia komiteti (IPC) indiki aýda geçiriljek paralimpia ýaryşlaryna orsýetli sportsmenleriň gatnaşmagyna degişli kararyny 7-nji awgustda yglan etjekdigini aýtdy.

Komitet ýaýradan öz beýannamasynda özüniň orsýetli sportsmenleriň ýaryşlara gatnaşmagyny döwletiň goldamagyndaky doping meselesi sebäpli gadagan etjekdigi barada habar berýän media maglumatlary “açyk spekulýasiýa” diýip atlandyrdy.

Halkara paralimpia komiteti orsýetlileriň giň derejede dopinge baş goşýandygyny çak edýän McLaren diýlip atlandyrylýan hasabat babatynda jogap berjekdigini mälim etdi. Hasabatda 35 sany orsýetli paralimpia sportsmeniniň ady tutulýar.

Paralimpia oýunlary Rio de Janeiroda 7-18-nji sentýabr aralygynda geçiriler.

XS
SM
MD
LG