Sepleriň elýeterliligi

'Orsýetçi separatist lideriniň saglygy hüjümden soň kadaly'


Igor Plotnitskiý

Igor Plotnitskiý

Gündogar Ukrainada 6-njy awgustda hüjüme sezewar edilen orsýetçi separatistleriň lideri Igor Plotnitskiniň saglyk ýagdaýynyň kadalydygy aýdylýar.

7-nji awgustda Interfaks agentligi Plotnitskiniň bejergi alýan keselhanasyndaky ady agzalmadyk çeşmä salgylanyp, onuň saglygynyň durnuklydygyny we gijäniň dowamynda agyrlaşmandygyny habar berdi.

Özüni Luhansk halk respublikasy diýip yglan eden toparyň lideri Plotnitskiý media maglumatlara görä, Luhanskda “awtoulagynyň golaýynda emele gelen güýçli partlamanyň netijesinde” ýaralanypdyr.

Separatistler hüjümde Ukrainanyň howpsuzlyk gullugynyň wekillerini aýyplaýarlar.

Ukrainanyň gündogarda amala aşyrýan çäreleri boýunça metbugat-wekili Oleksandr Motuzyanyk ukrain tarapynyň hüjüme gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdy.

Ukrainanyň gündogarynda Donetsk we Luhansk regionlarynda hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasynda barýan söweşler zerarly 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri azyndan 9500 adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG