Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makedoniýada suw joşguny zerarly 20 adam wepat boldy


Skopiýe
Skopiýe

Makedoniýanyň paýtagty Skopýede güýçli ýagyşyň yzýany gije emele gelen suw joşguny zerarly azyndan 20 adam wepat boldy, diri galanlary gözlemek boýunça işler dowam etdirilýär.

MIA döwlet täzelikler agentligi polisiýa salgylanyp, heläkçiligiň möçberi barada 7-nji awgustda habar berip, 6 adamyň ýitirim bolandygyny mälim etdi.

“Şeýle betbagtçylygy biz hiç wagtda geçirmändik”, diýip AFP agentligi Skopýeniň meri Koçe Troýanowskini sitirleýär.

Ýerli media serişdeleri paýtagtyň we onuň töwerekleriniň her sagatda 70 kilometre ýetýän güýçli ýeliň netijelerine sezewar bolandygyny aýdýarlar. Käbir ýerlerde suwuň derejesi bir ýarym metre ýetipdir.

Paýtagtyň daşyndaky gara ýola zeper ýetendigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG