Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kabul: ABŞ-nyň, Awstraliýanyň raýatlary alnyp gaçyldy


Owganystanyň kartasy.

Owganystanyň kartasy.

Owganystanyň paýtagty Kabulda Birleşen Ştatlaryň we Awstraliýanyň raýatlary, jemi iki adam alnyp gaçyldy.

Resmileriň 8-nji awgustda beren maglumatyna görä, gürrüňi edilýän iki adam 7-nji awgustda Owganystanyň Amerikan uniwersitetiniň golaýyndaky esasy ýolda harby egin-eşikli ýaragly adamlar tarapyndan alnyp gidildi.

Alnyp gaçylan iki adamyň uniwersitetiň işgäridigine ynanylýar.

Birleşen Ştatlaryň we Awstraliýanyň resmileri bu maglumatlardan habarlydyklaryny we bu ýagdaýy aýdyňlaşdyrmaga synanyşýandyklaryny aýtdylar.

Owganystanda bu iki daşary ýurt raýatynyň alnyp gaçylmagy, Kabulyň merkezindäki ýaşaýan jaýyndan alnyp gaçylan hindi haýyr-sahawat guramasynyň işgäri halas edilenden iki hepde soňa gabat geldi.

XS
SM
MD
LG