Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Janyndan geçeniň hüjüminde 53 adam öldi


8-nji awgustda Pakistanyň keselhanasynda hüjümiň bolan ýeri.
8-nji awgustda Pakistanyň keselhanasynda hüjümiň bolan ýeri.

Pakistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Kwetta şäherindäki keselhananyň esasy girelgesine edilen janyndan geçeniň hüjüminde azyndan 53 adam öldi.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, 8-nji awgustda bolan partlamada başga-da 30-dan gowrak adam ýaralandy. Bu bomba hüjümi, ok atyşykda ölen tanymal aklawçynyň jesedi keselhana getirilenden gysga wagt soň boldy.

Welaýatyň içeri işler ministri Sarfraz Bugti hüjümi “terrorçylykly hereket” diýip ýazgardy.

Keselhana edilen hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady.

Bulujystan welaýat hökümetiniň metbugat wekili bu babatda derňewleriň geçirilýändigini mälim etdi.

Şol bir wagtyň özünde, 8-nji awgustda irden sud zalyna barýan mahaly oka tutulan tanymal aklawçy Bilan Kasiniň kim tarapyndan öldürilendigi hem nämälimligine galýar.

Pakistanyň ýerli telewideniýesinde keselhanadaky partlamanyň bolan ýerinde adamlaryň howsala düşüp, iki ýana ylgaýan pursatlary görkezildi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, wakada ölenleriň aglabasy aklawçylardan ybarat.

XS
SM
MD
LG