Sepleriň elýeterliligi

Öňki gazak konsulynyň 18 aý azatlygy çäklendirildi


Almaty regional sudy.

Almaty regional sudy.

Gazagystanyň Hindistandaky öňki konsuly bikanun migrasiýa shemasynda günäli tapyldy.

8-nji awgustda Almatynyň sudy karar çykaryp, Raşid Rahimbekowyň 18 aý azatlygyny çäklendirdi.

Almatynyň sudy Rahimbekowy 2010-2013-nji ýyllarda Hindistanyň gazak konsulhanasynda işlän döwri daşary ýurt raýatlaryna bikanun biznes wizasyny bermekde günäli tapdy.

Şeýle-de, sud oňa 26 million teňňe, ýagny 73,500 amerikan dollary möçberinde pul jerimesini tölemegi tabşyrdy.

Rahimbekow özüniň günäsizdigini aýdyp, karary şikaýat etjekdigini belledi.

XS
SM
MD
LG