Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Akihito öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirip bilmezlikden alada edýär


Ýaponiýanyň imperatory Akihito. 2-nji ýanwar, 2016 ý.
Ýaponiýanyň imperatory Akihito. 2-nji ýanwar, 2016 ý.

Ýaponiýanyň imperatory Akihito halka ýüzlenip eden seýrek çykyşynda ýaşy sebäpli öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmeginiň kyn bolmagyndan alada edýändigini aýtdy.

82 ýaşyndaky patyşa 8-nji awgustda eden çykyşynda aç-açan tagtdan el çekýändigini aýtmady. Emma ol mirasdüşeriň tagta geçiş prosesini asuda amala aşyrmagy göz öňünde tutmaga zerurulygyň bardygyny aýtdy.

Geçen aý “NHK” neşiri patyşa Akihitonyň ýüreginden operasiýa bolandygyny we rak keselinden saglyk bejergisini alýandygyny aýdyp, öňümizdäki ýyllarda onuň tagtdan el çekmek isleýändigini habar beripdi.

Ýaponiýada patyşa wezipesinden çekilse, onda bu ädim deňi-taýy bolmadyk hereket bolar we munuň üçin döwrebap ýurtda henize çenli hiç hili kanuny proseduralar ýok.

XS
SM
MD
LG