Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HPK orsýetli türgenleriň Riodaky oýunlara gatnaşmagyny ýatyrdy


Orsýetiň sport ministri Witaliý Mutko.
Orsýetiň sport ministri Witaliý Mutko.

Paralimpiýada gatnaşyjylaryň bütindünýä guramasy doping aladalanmalary sebäpli, Orsýetiň toparyndaky türgenleriň Braziliýada geçiriljek oýunlara gatnaşmagyny wagtlaýyn ýatyrdy.

Halkara Paralimpik komitetiniň (HPK) 7-nji awgustda ýaýradan beýanatynda Orsýetiň türgenleriň döwlet sponsorlugyndaky doping wakasyna gatnaşandygyny aýdyp, muny kuwwatlandyryjy maddany ulanmaýan türgenlere garşy edilen “deňi-taýy bolmadyk hüjüm” diýip atlandyrdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa bu kararyň türgenleriň adam hukuklaryny bozýandygyny aýtdy.

Sport adwokaty Artýom Patsew “TASS” habar agentligine beren maglumatynda 7-18-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Paralimpiýada oýunlaryndan öň, Moskwanyň bu karary şikaýat etmegi üçin heniz hem wagtyň bardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG