Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen sportsmenleriniň Riodaky çykyşlary


Rio-de-Žaneýro şäherinde geçýän tomusky Olimpiýa oýunlaryndan bir pursat.
Rio-de-Žaneýro şäherinde geçýän tomusky Olimpiýa oýunlaryndan bir pursat.

Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik edýän sportsmenleriň ençemesi eýýäm öz ukybyny synap gördüler.

Düýn, ýagny 7-nji awgustda, türkmen türgenleriniň üçüsi indi 31-nji gezek geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda çykyş etdiler.

Ilki bilen dzýudo boýunça halkara derejesindäki sport ussady, 2014-2015-nji ýyllarda iki gezek Türkmenistanyň iň gowy atleti adyna mynasyp bolan we halkara derejesindäki dünýä we aziýa ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän Gülbadam Babamyradowa çykyş etdi.

Babamyradowa aýallaryň arasynda 52 kilogram agrama çenli kategoriýada ispaniýaly Laura Gomes (Laura Gómez) bilen güýç synanyşdy. Emma Türkmenistanyň umyt bildirýän sport ussady Babamyradowa ilkinji tutluşykda ýeňlip, medal ugrundaky ýaryşdan çykdy.

Şeýle-de ýekşenbe güni ýüzüji Darýa Semýonowa bras ýüzmek usuly arkaly 100 metr aralykda öz güýjüni synap gördi. Semýonowa bu aralygy 1:19.84 wagtda geçip, 44 ýüzüjiniň arasynda 41-nji orny eýeledi.

Ýekşenbe güni türkmen türgenlerinden ýüzüji Merdan Ataýew hem ýaryşda çykyş etdi. Ataýew 100 metr aralygy arkan ýüzmekde bäsleşdi. Onuň görkezen wagty 56.34 sekunda deň bolup, ol ýaryşyň bu görnüşi boýunça bäsleşen 39 ýüzüjiniň arasyndan 33-nji bolup pellehana geldi. Ýüzugra aýtsak, Ataýew bäsleşikde görkezen wagty bilen ýüzmegiň bu görnüşi boýunça Türkmenistanyň milli rekordyny täzeledi.

Olimpiýa Komitetiniň berýän maglumatyna görä, Rio-de-Žaneýrodaky Olimpiada Türkmenistandan jemi dokuz türgen ugradylypdyr.

Türkmen toparynyň düzüminden dzýudoçy Ruşana Nurjowowa, boksçy Arslanbek Açylow, ýekedaban zyňmak boýunça türgen Amanmyrat Hommadow, 100 metr aralygy ylgamaly ýüwrük Ýelena Rýabowa, agyr atletikaçylar Hojamuhammet Toýçyýew we Gülnabat Kadyrowa dagylar öz güýçlerini entek ýene synap görmeli bolarlar.

Gepiň gerdişine görä bellesek, Türkmenistan garaşsyz ýurt bolaly bäri ýurduň sport ussatlary häzire bu güne çenli-de Olimpiýa oýunlarynda hiç bir medal alyp bilmän gelýärler.

Galyberse-de, Türkmenistanyň umyt bildirilýän sport ussatlarynyň ýene biri, ýurduň agyr atletika boýunça ençeme gezek çempiony, halkara derejesindäki sport ussady Ümürbek Bazarbaýew gadagan edilen kuwwatlanydyryjy ulanandygy zerarly halkara ýaryşlaryndan dört ýyllyk çetleşdirildi.

Ýeri gelede aýtsak, Türkmenistanyň resmi mediasynda türkmen türgenleriniň Rio-de-Žaneýroda geçirilýän Olimpiadadaky çykyşlary barada hiç hili maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG