Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trump ykdysady programmalaryny hödürledi


Respublikanlaryň prezidentlige dalaşgäri Donald Trump. 8-nji awgust, 2016 ý.
Respublikanlaryň prezidentlige dalaşgäri Donald Trump. 8-nji awgust, 2016 ý.

Respublikanlaryň prezidentlige dalaşgäri Donald Trump garşydaşy Hillari Klintony “geçmişiň kandidaty” diýip atlandyryp, Birleşen Ştatlaryň “çalasyn ösüşi üçin” özüniň ykdysady garaýyşlaryny hödürledi.

8-nji awgustda Detroitde çykyş eden Trump kadalaşdyryjy we salgyt reformalaryň ençemesini hödürledi. Onuň sözlerine görä, bu salgyt reformalary Birleşen Ştatlarda öňki prezident Ronald Reýganyň döwründen bäri iň uly salgyt rewolýusiýasy bolar.

Trump protestçiler tarapyndan birnäçe gezek arasy bölünen çykyşynda Birleşen Ştatlaryň işçileriniň aglabasynyň girdeji salgydyny tölemejekdigini aýtdy.

Şeýle-de, ol Birleşen Ştatlara ýylda ykdysady önümçiligiň 2 trillion amerikan dollaryna barabar bolýan “giňişleýin” hökümet kararlaryny çäklendirjekdigini hem sözüne goşdy.

Klinton Trump tarapyndan öňe sürlen planlaryň ýurdy yza tarap iteklejekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG