Sepleriň elýeterliligi

Belarus öňki žurnalisti Aşgabada bermekçi bolýar


Çary Annamyradow

Çary Annamyradow

Düýbi Ýaponiýanyň Tokýo şäherinde ýerleşýän "Diplomat” neşiri, kinaýa bilen, Belarusyň Merkezi Aziýadan çykan ähli hilegärleri ekstradisiýa etmek islemeýändigini, ýöne Çary Annamyradowyň bagty çüwmedikleriň biri bolmagynyň ähtimaldygyny ýazýar.

Azatlyk radiosynyň ozal hem habar berşi ýaly, Şwesiýada ýaşaýan Çary Annamyradow geçen aý bu ýurtda ýaşaýan türkmenistanly Myrat Hanalyýewiň çakylygy bilen Belarusa gelip düşende, uçar meýdanynda tussag edildi.

Belarusyň serhet goragy komitetiniň agzasy Aleksandr Tişçenkonyň AP habar gullugyna aýtmagyna görä, Çary Annamyradowyň ady gözlenilýän adamlaryň sanawynda ýerleşdirilipdir we Minsk indi ony Aşgabada ekstradisiýa etmäge taýýarlanýar.

“Diplomat” neşiri munuň tanyş hekaýadygyny, ýagny merkezi aziýaly žurnalistiň ol ýa-da beýleki görnüşdäki jenaýat aýyplamasy esasynda, köplenç galplykda ýa neşe aýyplamalarynda günälenip, dogduk ýurdunaekstradisiýa edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny belleýär.

“Diplomat” neşiri Annamyradowyň türkmen kanunçylyk sistemasy bilen ilkinji gezek “çaknyşmaýandygyny”, onuň 1990-njy ýyllaryň başynda Owganystandan Türkmenistanyň we Orsýetiň üsti bilen Ýewropa aralaşýan neşe gaçakçlygyny derňäp, 1991-nji ýylda neşe aýyplamalarynda tussag edilendigini ýatladýar.

Makalada aýdylmagyna görä, Annamyrdowa 18 ýyl türme tussaglygy berlip, ol alty ýyl türmede oturýar we wagtyndan öň azatlyga çykarylýar.

Şondan soň ol Türkmenistany terk edýär we Moskwa baryp, az wagt Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugy bilen hyzmatdaşlyk edýär, 2002-nji ýylda bolsa Şwesiýadan gaçybatalga alýar.

AP habar gullugynyň maglumatyna görä, Serhetsiz reportýorlar guramasynyň Şwed bölüminiň prezidenti Jonatan Landkwist (Jonathan Lundqvist) Annamyradowyň Şwesiýa göçüp geleninden soň žurnalist bolup işlemändigini, taksiçi bolandygyny, Minskä baranda bolsa, wiza tölegini tölemezlik üçin, şwed pasportyny ulanman, belki-de rus pasportyny ulanandygyny aýdypdyr.

AP habar gullugy Annamyradowyň Belarusa näme üçin barandygyny anyklaşdyrmaýar, ýöne Şwesiýanyň daşary işler ministrliginiň sözçüsi Johan Murraýa salgylanyp, şwed ilçihanasynyň oňa kanunçylyk goldawyny berýändigini habar berýär.

"Diplomat" neşiri Belarusyň mundan öň Täjigistanyň «24-ler topary» atly oppozisiýa toparynyň wekili Şabnam Hudoýdodowany tutup saklap, Duşenbä ekstradisiýa etjek bolandygyny, emma onuň sekiz soň aý belarus häkimiýetleriniň tussaglygyndan gutulandygyny ýazýar.

Belarusdaky ýene bir iş bolsa, öňki gyrgyz prezidenti Kurmanbek Bakiýew bilen bagly, Bişkek ony 2010-njy ýylda ýurtdan gaçaly bäri yzyna almaga çalyşýar. Emma öňki prezident, aýdylmagyna görä, belarus raýatlygyny alyp, Minskiniň eteginden satyn alan 2 million dollarlyk jaýynda ýaşaýar.

Belarus, has kän halkara ünsüni çekmezlik ýa-da Minskdäki syýasy elita bilen baglanyşygy bolany üçin, merkezi aziýaly ähli hilegärleri ekstradisiýa etmek islemeýän hem bolsa, Minskiniň Aşgabadyň Annamyradowy bermek talabyndan boýun gaçyrjagyna kepillik ýok diýip, "Diplomat" neşiri ýazýar.

“Eger ol yzyna berilse, aktiwistler näme boljagyndan alada edýärler” diýip, neşir geçen tomus türkmen häkimiýetleri tarapyndan neşe aýyplamasynda iş kesilen žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbalyny mysal getirýär.

“Ýapyk sudda sud edilip, ýyl kesilen Nepesgulyýew barada bir ýyl töweregi eşidilýän zat ýok” diýip, "Diplomat" neşiri öňki žurnalist Çary Annamyradowyň düşen ýagdaýy baradaky makalasyny soňlaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG