Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa atom bomba pajygasyny ýatlaýar


Nagasaki şäherindäki Parahatçylyk ýadygärligi seýilgähinde atom bombanyň uçurylmagynyň 71-nji ýyl dönümi bellenilýär.
Nagasaki şäherindäki Parahatçylyk ýadygärligi seýilgähinde atom bombanyň uçurylmagynyň 71-nji ýyl dönümi bellenilýär.

Ýaponiýa Birleşen Ştatlar tarapyndan Nagasaki şäherine atom bombasynyň uçurylmagynyň 71-nji ýyl dönümini belledi.

Ýerli wagt bilen sagat 11:02-de – bombanyň takyk gelip düşen wagty – müňlerçe adam, şol sanda wakada aman galan gartaşan adamlar we pida bolanlaryň dogan-garyndaşlary bir minutlyk dymyşlyga gatnaşdy.

Nagasaki şäherinde partlamanyň bolan wagty 74 müň çemesi adam ölüpdi. Şeýle-de, wakadan ençeme aý ýa-da ýyl soň, radiasiýa zerarly ejir çeken müňlerçe adam heläk bolupdy.

Bu hüjüm Birleşen Ştatlar özüniň ilkinji atom bombasyny Hiroşima uçurandan üç gün soň bolupdy. Hiroşimo pajygasynda jemi 140 müň adam heläk bolupdy.

XS
SM
MD
LG