Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Aklawçylar iş taşlaýyş yglan etdi


Pakistandaky hüjümde ýaralanan adama lukman zenan saglyk kömegini berýär. 8-nji awgust, 2016 ý.
Pakistandaky hüjümde ýaralanan adama lukman zenan saglyk kömegini berýär. 8-nji awgust, 2016 ý.

Pakistanyň günorta-günbataryndaky Kwetta şäherinde ýerleşýän keselhana edilen bombaly hüjümde onlarça aklawçy heläk bolandan soň, ýurduň adwokatlary ählumumy iş taşlaýyş yglan etdiler.

Pakistanyň saglyk işgärleri 8-nji awgustda hökümet keselhanasyna edilen hüjümde heläk bolan 70 adamyň 60-a golaýy aklawçy diýýärler. Bu aklawçylar duşenbe güni irden öldürilen tanymal adwokat Bilal Kasiniň jesedi keselhana getirilen mahaly, saglyk merkezine üýşüpdiler.

Bu ýowuz hüjümiň jogapkärçiligini iki yslamçy topary, şol sanda “Yslam döwleti” atly topar öz üstüne aldy. Emma resmiler we analitikler bu hüjümiň arkasynda düýbi Ýakyn Gündogarda ýerleşýän hereketiň bolandygyna şübheli garaýarlar.

Bu hüjüm Pakistanda aklawçylara garşy amala aşyrylan iň ýowuz hüjümleriň iň soňkusydyr.

XS
SM
MD
LG