Sepleriň elýeterliligi

"Türkmen taýpalary" barada kitap çykdy


Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasy (AMEA).

Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasy (AMEA).

Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň (AMEA) A. A. Bakyhanowyň adyndaky Taryh institutynyň ylmy geňeşiniň karary bilen "Türkmen taýpalary" (Garagoýunly we Akgoýunly döwletleriň taryhy hakda "Eýranyň Kembrij taryhyndan" goldanmalar) atly kitaby halk köpçüligine hödürlendi.

AMEA-dan Azerbaýjanyň döwlet habar gullugy "AZƏRTAC"-a berlen maglumatda bu täze kitabyň aslynda "Eýranyň Kembrij taryhyndan" atly ensiklopediýasynyň 4-nji tomundan terjimedigi aýdylýar. Kitaby terjime eden institutyň ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň filosofiýa boýunça doktory Nergiz Ahundowa.

Terminleri we taýpalaryň atlarynyň sözlügini öz içine alýan kitap XV asyrda Garagoýunly we Akgoýunly döwletlerinde ýüze çykan esasy taryhy hadysalary beýan edýär.

Kitap Azerbaýjanyň orta asyrlar taryhy bilen gyzyklanýan kitapsöýüjiler köpçüligi bilen birlikde taryhçylara, mugallymlara we talyplara niýetlenip neşir edilipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG