Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan: Orsýet bilen gatnaşyklaryň ‘örän üýtgeşik döwri” başlaýar


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin. 9-njy awgust, 2016 ý. Sank-Peterburg.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin. 9-njy awgust, 2016 ý. Sank-Peterburg.

Türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan Türkiýäniň Orsýet bilen gatnaşyklarynda “örän üýtgeşik bir döwre” başlaýandygyny we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň regional problemalary çözmäge ýardam berjekdigini aýtdy.

Erdogan bu barada 9-njy awgustda Sank-Peterburgda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygyndan öň mälim etdi.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkiýe özüniň Siriýa bilen serhediniň golaýynda rus söweş uçaryny urup ýykandan soň, Moskwa bilen Ankaranyň arasyndaky gatnaşyklar ýaramazlaşany bäri bu iki lideriň ýüzbe-ýüz geçirýän ilkinji duşuşygydyr.

Şondan soň Orsýet Türkiýä garşy söwda sanksiýalaryny girizipdi we 2016-njy ýylyň ilkinji ýarymynda Türkiýä gelýän orsýetli syýahatçylaryň sany 87% pese gaçdy.

Sank-Peterburgda geçirilýän gepleşiklerden bir gün ozal, Erdogan Orsýet bilen gatnaşyklara täze arassa sahypadan başlamagy we birnäçe ugur boýunça hyzmatdaşlygy gaýtdan dikeltmegi isleýändigini belledi.

“Rus-türk gatnaşyklarynda täze sahypa açylar. Bu täze sahypa harby, ykdysadyýet we medeniýet ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmegi öz içine alar” diýip, Erdogan “TASS” habar agentligine beren maglumatynda aýtdy.

Rus we türk prezidentleriniň arasyndaky bu duşuşyk, Türkiýede 230 adamyň ölümine sebäp bolan başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soň, Ankaranyň Günbatar ýurtlary bilen gatnaşyklarynda dartgynlylyklar artýan mahalyna gabat geldi.

Türkiýe Günbatary başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan has beter ondan soňky bolup geçýän wakalara üns bermekde aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG