Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kärizow: Ilki bilen aty döretmeli


Çehiýa, türkmen aty
Çehiýa, türkmen aty

Braziliýanyň Rio de Žaneýro şäherinde geçýän Olimpia oýunlaryna Türkmenistandan dokuz türgen goşuldy we olaryň ýaryndan gowusy eýýäm ýaryşdan çykdy.

Şol bir wagtda, Türkmenistanda sportuň iň ileri tutulýan görnüşi, atçylyk sungaty Rio oýunlaryna gatnaşmaýar.

Ýogsam, 1960-njy ýylda Rimde geçirilen Oimpia oýunlarynda SSSR-iň bu ugurdaky ilkinji altyn medalyny Absent atly ahal-teke atynyň gazanandygy aýdylýar.

Eýsem, Türkmenistan garaşsyz ýurt bolanyndan soň, soňky 25 ýylda türkmen atlarynyň halkara ýaryşlaryna goşulyp, baýrakly orunlary eýelemegine näme päsgel berýär?

Azatlyk radiosy bu soragy «Ýanardag» halkara ekspertler merkeziniň prezidenti, Uzak aralyklara at çapýanlaryň (The Long Riders' Guild) bileleşiginiň agzasy, Angliýanyň patyşalyk geografiýa jemgyýetiniň hakyky agzasy Geldi Kärizowa berdi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:45 0:00

XS
SM
MD
LG