Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Partlamada üç esger wepat boldy


Türkiýäniň esgerleri, Sirnak welaýaty

Türkiýäniň esgerleri, Sirnak welaýaty

Türkiýäniň howpsuzlyk resmileri ýurduň günorta-gündogarynda bolan partlamada üç türk esgeriniň wepat bolandygyny we onusynyň ýaralanandygyny aýtdylar.

Türkiýäniň demirgazyk Yrak bilen serhediniň golaýynda 10-njy awgustda bolan partlama Sirnak welaýatynyň Uludere etrabynda emele geldi.

Howpsuzlyk resmileri elde ýasalan bombanyň ýoluň gyrasynda goýlup, harby ulagyň duşundan geçen wagtynda partlandygyny habar berdiler, şeýle-de bu hüjümi gadagan edilen “Kürdüstanyň işçi partiýasynyň” (PKK) söweşijileriniň amala aşyrandygyny aýtdy.

Türkiýe we ABŞ PKK-ny terrorçy diýip yglan etdi.

Türkiýäniň günorta-gündogary 2015-nji ýylda PKK ok atyşygy bes etmekden ýüz öwürensoň soňky 20 ýylyň dowamyndaky iň güýçli zorluklary başdan geçirýär.

XS
SM
MD
LG