Sepleriň elýeterliligi

Ankara we Moskwa Siriýa boýunça 'berk mehanizmi' döredýär


Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu, Ankara

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu, Ankara

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu 10-njy awgustda Ankaranyň we Moskwanyň Siriýada ok atyşygy bes etmek, ynsanperwer kömegini bermek we urşy soňlamagyň syýasy çözgüdi barada meňzeş garaýyşlaryny mälim edendiklerini aýtdy.

Çawusoglu Türkiýäniň we Orsýetiň Siriýa boýunça hyzmatdaşlyk ugrundan “berk mehanizmi” işläp düzýändigini belledi. Ol bu çykyşyny Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň arasynda Sankt Peterburgda geçirilen duşuşygynyň yzýany etdi.

Çawusoglu 10-njy awgustda Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň resmi toparynyň orsýet resmileri bilen gepleşiklerini dowam etdirjekdigini habar berdi.

Orsýet Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldaýar, Türkiýe bolsa Siriýanyň liderine garşy çykyş edýär.

Şeýle-de 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Ankara Siriýa bilen golaýynda orsýet uçaryny urup ýere gaçyransoň Orsýetiň we Türkiýäniň arasynda gapma-garşylyk emele gelipdi.

Emma Erdogan we Putin iki ýurduň arasynda gatnaşyklary gaýtadan gurmagy 9-njy awgustda wada berdiler.

Çawusoglu Ankaranyň Orsýet bilen gatnaşyklary gowulandyrmagynyň ýurduň Günbatar ýaranlaryna hiç hili duýduryş bolup durmaýandygyny belledi.

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) we ABŞ Türkiýäniň iýul aýynda Erdoganyň syýasy garşydaşlaryna basyş görkezmegini tankyt edýärler.

Çawusoglu 10-njy awgustda eden çykyşynda ÝB-niň tankydynyň uly ýalňyş bolandygyny aýtdy we Türkiýäniň gurama agza bolmak mümkinçiligine türk jemgyýetinde islegleriň azalandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG