Sepleriň elýeterliligi

Bagdad: Ýangynda 11 bäbek heläk boldy


Yrak

Yrak

10-njy awgustda Bagdadyň Ýarmouk keselhanasynda gije bolan ýangynyň yzýany ene-atalar ýitirim bolan çagalaryny gözleýärler. Keselhananyň çaga dogrulýan böleginde bolan ýangyn zerarly azyndan 11 bäbek heläk boldy.

Yragyň Saglyk ministrliginiň metbugat-wekili Ahmed al-Roudaini derňewiň ýangynyň döremegine elektrik sistemasyndaky näsazlyklaryň sebäp bolandygyny anyklandygyny aýtdy.

Bagdadyň resmileri başda keselhananyň daşyny gabadylar, emma soň käbir habarçylaryň barmagyna rugsat berdiler.

30 ýaşly Hussein Omar betbagtçylykly hadysada geçen hepdede dünýä inen ekiz gyz bäbeklerini ýitirendigini aýtdy.

Bagdadyň garaşsyz Mada Press agentligi ýangyn dörände 29 sany aýal maşgalanyň we ýedi çaganyň keselhanadan çykarylandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG