Sepleriň elýeterliligi

Asly türkmenistanly ştangaçy Rioda kümüş medaly gazandy


Ştanga

Ştanga

Asly türkmenistanly, häzirki wagt Türkiýäniň adyndan çykyş edýän agyr atletikaçy Daniýar Ismaýilow Rio-de-Žaneýro şäherinde geçýän tomusky Olimpia oýunlarynda kümüş medaly almagy başardy.

69 kilograma çenli erkekleriň arasyndaky bäsleşikde 24 ýaşly Ismaýilow jemi 351 kg netijäni görkezip, ikinji orny eýeledi. Ýeri gelende bellesek, bu Türkiýäniň Rio Olimpiadasyndaky ilkinji medalydyr.

Daniýar Ismaýilow 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpia oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik edipdi. Ol şonda 13-nji ýeri eýeläpdi.

Daniýar Ismaýilow Londonda geçirilen Olimpia oýunlarynda Türkmenistanyň adyndan çykyş etdi.

Daniýar Ismaýilow Londonda geçirilen Olimpia oýunlarynda Türkmenistanyň adyndan çykyş etdi.

Türkiýäniň raýatlygyny alanyndan soň, Ismaýilow geçen ýyl Ýewropanyň çempiony boldy, şeýle-de dünýä çempionatynda üçünji orny eýeledi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG