Owgan howpsuzlyk güýçleri Helmand welaýatynyň birnäçe günüň dowamynda söweşijileriň eline geçmegi bilen bagly howatyrlanmalar sebäpli “Talybana” garşy söweşlerini güýçlendirip, 10-njy awgustda Laşkar Gah şäherinde ýerleşdi.
Helmand welaýatynyň regional geňeşiniň başlygy Kareem Atalyň 10-njy awgustda aýtmagyna görä, “Talyban” hereketiniň söweşijileri Laşkar Gah şäheriniň daşyny tas doly gabapdyr we howpsuzlyk güýçleri şäheriň daşyndaky barlag-geçiş nokatlardan çekilip, olaryň ýerleşýän ýeri üýtgedilipdir.
Şeýle-de Atal 10-njy awgustda şähere “täze güýçleriň” barandygyny aýtdy.
Şäheriň Nad-e Ali etrabynda hem güýçli söweşleriň barýandygy aýdylýar.