Sepleriň elýeterliligi

Skulptor Ernst Neizwestnyý 91 ýaşynda aradan çykdy


Ernst Neizwestnyý, Ženewa, 3-nji dekabr, 1997

Ernst Neizwestnyý, Ženewa, 3-nji dekabr, 1997

Meşhur rus-amerikan heýkeltaraş Ernst Neizwestnyý 91 ýaşynda Nýu Ýorkda aradan çykdy.

Media maglumatlarynyň onuň ýakynlaryna salgylanyp habar bermegine görä, Neizwestnyý 9-njy awgustda keselhanada dünýäden ötüpdir.

Neizwestnyý sowet gyzyl goşunynyň weterany bolup, Ikinji Jahan Urşunda nasist Germaniýa garşy söweşipdi.

1962-nji ýylda sowet lideri Nikita Hruşew Ernst Neizwestnynyň eserlerini berk tankyt edipdi.

Muňa garamazdan Hruşewiň garyndaşlary oňa Moskwanyň Nowodewiçiý gonamçylygynda ýadygärlik döretmegi Neizwestnydan sorapdylar.

Neizwestnynyň eserlerini dünýäniň dürli künjeklerinde görmek mümkin.

Onuň iň tanymal işleriniň biri sowet repressiýalarynyň pidalarynyň hatyrasyna 1996-njy ýylda dikilen “Matam perdesi” atly ýadygärligi Orsýetiň Magadan ýarymadasynda ýerleşýär.

Neizwestnyý 1975-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň arhiwiniň binasynda barelýef döretdi.

XS
SM
MD
LG