Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanyň raýaty YD bilen gatnaşyk üçin türmä höküm edildi


Tbilisiniň şäher sudy

Tbilisiniň şäher sudy

Tbilisiniň sudy Gürjüstanyň raýatyny “Yslam döwleti” (YD) toparynyň söweşijileri bilen bilelikde Siriýada söweşmegi bilen baglylykda 12 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Tbilisiniň şäher sudy 9-njy awgustda Dawit Borçaşwilini terrorçy guramanyň agzasy bolmakda we terrorçy guramanyň hereketlerine gatnaşmakda günäli tapdy.

Asly Gürjüstanyň Pankisi jülgesinden Borçaşwili noýabr aýynda Türkiýede tussag edilip, Gürjüstana deportasiýa edilipdi.

Gürjüstanyň häkimiýetleri 100 çemesi gürjüstanlynyň Siriýada we Yrakda YD toparyna goşulandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG