Sepleriň elýeterliligi

Rio: Tennis boýunça dünýä çempiony Williams ukrain bäsdeşinden utuldy


Tennis boýunça dünýäniň dört gezek çempiony Serena Williams

Tennis boýunça dünýäniň dört gezek çempiony Serena Williams

Olimpik çempiony adyna dalaş eden tennisçi Serena Williams ukrainaly Elina Switolina utulyp, Rio de Janeirodaky Olimpia oýunlaryndan çykdy.

9-njy awgustda kwalifikasion ýaryşyň çäginde geçirilen bu bäsdeşligiň netijesi Williamsyň bäşinji olimpik altyn medalyna eýe bolmagyna päsgel berdi.

21 ýaşly Switolina ýarym finaldaky orun ugrunda Wimbledon çempionatynyň iki gezek ýeňijisi Petra Kwitowa bilen duşuşar.

XS
SM
MD
LG