Sepleriň elýeterliligi

Ernst Neizwestnyý 92 ýaşynda aradan çykdy 


Aşgabatdaky Merkezi döwlet arhiwi. "Türkmen inisiatiwasy" toparynyň websaýtyndan alnan surat.

Aşgabatdaky Merkezi döwlet arhiwi. "Türkmen inisiatiwasy" toparynyň websaýtyndan alnan surat.

Meşhur skulptor Ernst Neizwestnyý şu gün Nýu-Ýorkda, 92 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Ernst Neizwestnyý türkmen medeniýeti, sungaty bilen hem baglanyşykly skulptor. Has anygy, onuň SSSR-den daşary ýurda emigrasiýa gitmezinden öň döreden iň meşhur eserleriniň biri Aşgabatda, şol wagtky partiýa arhiwiniň binasynda şu gün hem türkmenistanlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň gözüni egleýär.

Ernst Neizwestnyý

Ernst Neizwestnyý

Mundanam başga, Ernst Neizwestnyý 2003-nji ýylda şol wagtky prezident S.Nyýazowyň çakylygy bilen Aşgabada gelipdi we soň žurnalistleriň türkmen prezidentiniň heýkelini döredýärsiňizmi diýen soragyna «beýle zat bolup bilmez» diýip jogap beripdi.

Azatlyk radiosy meşhur skulptor we onuň döredijiligi barada pikirlerini paýlaşmagyny sorap, Germaniýada ýaşaýan türkmen hudožnigi Mommak Kulyýewe telefon etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG