Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ‘aýratyn aladalanma döredýände’ saklanyp galýar


Aşgabadyň Ärtogrul Gazy metjidine baran adamlar.
Aşgabadyň Ärtogrul Gazy metjidine baran adamlar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň täze hasabatynda Türkmenistan din azatlygy boýunça “aýratyn aladalanma döredýän ýurtlaryň” sanawynda saklanyp galýar.

11-nji awgustda ýaýradylan hasabatda dünýäde din azatlygynyň üpjün edilişiniň ýagdaýyna baha berilýär.

Birleşen Ştatlaryň ilçihanasynyň wekilleriniň we ABŞ-nyň hökümet resmileriniň, şol sanda döwlet sekretarynyň Türkmenistana eden saparynyň çäginde türkmen hökümetiniň wekilleri bilen gepleşikler geçirilip, “Ýegowanyň şaýatlary” dini toparynyň agzalarynyň tussag edilmegi, dini toparlaryň ýurtda hasaba durmak hukugy, hasaba durmak proseduralary barada taýýar informasiýalaryň ýetmezçiligi we din azatlygy barada aladalanmalar beýan edildi diýilýär.

“Türkmenistanyň konstitusiýasy raýatlaryň dini ynanjyna garamazdan, olaryň deňhukuklydygyna kepil geçýär. Geçen ýylyň dowamynda dini azlyklara, hususanda protestantlara we “Ýegowanyň şaýatlary” dini toparynyň agzalaryna garşy kemsitmeleriň, şeýle-de öý dökmek, dini materiallary konfiskasiýa etmek, urup-ýençmek we eden-etdilikli tussag etmek ýaly wakalaryň bolandygy habar berildi” diýlip, hasabatda aýdylýar.

Şeýle-de, raportda geçen ýylyň dowamynda täze dini toparlaryň hiç biriniň resmi taýdan hasaba alynmandygy bellenilip, ýurduň kanunçylygy hasaba alynmadyk dini toparlaryň ähli işlerini gadagan edýär diýilýär.

2016-njy ýylyň 29-njy fewralynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Türkmenistany “aýratyn aladalanma döredýän ýurtlaryň” sanawynda saklanyp galýandygyny yglan etdi diýlip, indi 17-nji gezek çap edilen hasabatda nygtalýar.

XS
SM
MD
LG