Sepleriň elýeterliligi

Putin ýurduň Howpsuzlyk Geňeşi bilen duşuşdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň Howpsuzlyk Geňeşi bilen duşuşdy. 11-nji awgust, 2016 ý.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň Howpsuzlyk Geňeşi bilen duşuşdy. 11-nji awgust, 2016 ý.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Krym ýarymadasynda goşmaça howpsuzlyk çärelerini görmek barada maslahat etmek üçin ýurduň Howpsuzlyk Geňeşi bilen duşuşdy. Bu duşuşyk Moskwa Kiýewi Orsýetiň anneksiýa eden ýarymadasyny sabotažçylar bilen durnuksyzlaşdyrmaga synanyşmakda aýyplaýan mahalyna gabat geldi.

Kreml öz websaýtynda çap eden maglumatynda 11-nji awgustda geçirilen duşuşykda Krymyň Ukraina bilen guryýer we deňiz araçäklerinde howpsuzlygy güýçlendirmek barada maslahat edilendigini mälim etdi.

Bu aralykda, 11-nji awgustda Ukrainanyň Baş ştabynyň metbugat wekili Wladislaw Seleznýow hem çykyş edip, Ukrainanyň Krymyň töweregindäki ýagdaýlary yzarlamak we özüni goramak üçin harby güýçleriniň bardygyny aýtdy.

Krymda orsýetli howpsuzlyk agentiniň we esgeriniň öldürilendigi öňe sürlenden soň, 10-njy awgustda Putin ukrain hökümetini “terrorçylykda” aýyplady.

XS
SM
MD
LG