Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Orsýetiň aýyplamalaryny tassyklaýan delil ýok


Waşingtonyň Ukrainadaky ilçisi Jeffreý Pýat (Geoffrey Pyatt).
Waşingtonyň Ukrainadaky ilçisi Jeffreý Pýat (Geoffrey Pyatt).

Waşingtonyň Ukrainadaky ilçisi Birleşen Ştatlar şu wagta çenli Ukrainanyň Kryma goşulyşýandygy barada Orsýetiň öňe sürýän aýyplamalaryny tassyklaýan hiç bir delil görmedi diýdi.

Jeffreý Pýat (Geoffrey Pyatt) 11-nji awgustda Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazan maglumatynda “Orsýet özüniň bikanun hereketlerinden ünsi başga ýana sowmak üçin Ukraina garşy galp aýyplamalary ýöňkeýär” diýdi.

Şeýle-de, ol Birleşen Ştatlaryň Orsýet tarapyndan Krymyň anneksiýa edilmegi bilen baglanyşykly Moskwa garşy girizilen sanksiýalar, gürrüňi edilýän ýarymada Ukraina yzyna gaýtarylyp berilýänçä öz güýjünde saklanyp galar diýdi.

ABŞ-nyň ilçisiniň bu beýanaty, Moskwa Kiýewi Orsýetiň anneksiýa eden ýarymadasyny sabotažçylar bilen durnuksyzlaşdyrmaga synanyşmakda aýyplan mahalyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG