Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Ok atyşyk wagtlaýyn ‘bes edilmeýär’


Siriýa.

Siriýa.

Siriýaly aktiwist topar Orsýetiň harbylary tarapyndan ok atyşygy üç sagatlyk bes etmek yglan edilendigine garamazdan, pitneçiler bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklaryň arakesmesiz dowam edýändigini aýdýar.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy toparyň başlygy Rami Abdurrahmanyň 11-nji awgustda beren maglumatyna görä, geçen hepde pitneçileriň ele geçiren Ramouseh sebitinde çaknyşyklar dowam edýär.

“Reuters” habar agentligi oppozisiýanyň kontrollygyndaky Aleppo sebitiniň ýaşaýjylaryna salgylanyp, söweş uçarlarynyň yzygiderli uçýandygyny habar berýär.

10-njy awgustda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady we onuň hökümetini goldaýan Orsýet 11-nji awgustdan başlap her gün ok atyşygy üç sagatlyk bes etjekdigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG