Sepleriň elýeterliligi

Putin Krymyň howpsuzlygyny pugtalandyrmak barada maslahat geçirdi


Orsýetiň prezidenti W.Putin Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyny geçirdi, Moskwa, 11-nji awgust 2016.

Orsýetiň prezidenti W.Putin Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyny geçirdi, Moskwa, 11-nji awgust 2016.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyny geçirdi we Krymda goşmaça howpsuzlyk çärelerini görmek dogrusynda maslahat etdi. Moskwa Kiýewi basyp alyp, Ukrainadan bölüp, Orsýetiň düzümine goşan Krym ýarymadasyny diwersantlaryň kömegi bilen durnuksyzlandyrmak synanyşygynda aýyplaýar.

Kremliň websaýtynda aýdylyşyna görä, 11-nji awgustda geçirilen maslahatda basylyp alnan Krym ýarymadasynyň Ukraina bilen guryýer we deňiz serhetlerinde howpsuzlygy berkitmek maslahat edilipdir.

Ukrainanyň Baş ştabynyň metbugat wekili Wladislaw Seleznýow 11-nji awgustda Ukrainanyň özüni goramak we Krymyň töweregindäki ýagdaýa gözegçilik etmek üçin resurslaryň ýeterlikdigini aýtdy.

10-njy awgustda Putin Krym ýarymadasynda Orsýetiň howpsuzlyk agentiniň we esgeriniň ukrain diwersantlaryna päsgel bermäge synanyşanda öldürilendigini aýdyp, bu wakanyň yzysüre Ukrainanyň hökümetini "terrorçylykda" aýyplady.

Putin “Biz beýle zatlaryň döremegine, elbetde, ýol bermeris”, “bu örän howply oýun” diýip belledi.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko muňa Moskwanyň çykyşy “manysyz we ýalançylyk” diýip jogap berdi.

Putin Ukrainadaky krizis boýunça indiki aýda dört taraplaýyn gepleşik geçirmegiň Krymyň daşyndaky dörän bu dartgynlylygyň fonunda “manysyzdygyny” aýtdy.

Orsýetiň, Germaniýanyň, Fransiýanyň we Ukrainanyň gatnaşmagyndaky dört taraplaýyn gepleşikleriň indiki tapgyryny 4-5-nji sentýabrda G20 guramasynyň sammitiniň çäginde Hangžouda geçirmek planlaşdyrylýar.

Ukrainanyň BMG-däki hemişelik wekili Wladimir Ýelçenko Putiniň çykyşyny “howply” diýip atlandyrdy. Ol 10-njy awgustda Kiýewiň agzalan gepleşikleri dowam etdirmäge mydama taýýardygyny belledi.

XS
SM
MD
LG