Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Orsýet Kryma has döwrebap goşuny ugradýar


Ukrainanyň Milli Gwardiýasynyň agzalary harby tälim geçýär.

Ukrainanyň Milli Gwardiýasynyň agzalary harby tälim geçýär.

Kiýew soňky günlerde Orsýetiň Krym bilen Ukrainanyň arasyndaky serhede has döwrebap serişdeler bilen üpjün edilen has köp goşuny ýerleşdirýändigini aýdýar.

Ukrainanyň Serhet gullugynyň metbugat wekili Oleh Slobodýan 11-nji awgustda beren maglumatynda “biz mart aýyndan bäri serhediň golaýynda bar bolan rus goşunynyň indi başga güýçler bilen çalşyrylýandygyny anyk aýdyp bileris” diýdi.

“Bu goşun has döwrebap harby serişdeler bilen gelýär we ol ýerde howadan hüjüm edýän harby birleşikler hem bar. Soňky günlerde biz serhetdäki harby birleşikleriň güýçlendirilýändigini görýäris. Olaryň sany artdy” diýip, Slobodýan belledi.

10-njy awgustda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Kiýewi Moskwanyň anneksiýa eden ýarymadasyny sabotažçylar bilen durnuksyzlaşdyrmaga synanyşmakda aýyplady. Kiýew bu aýyplamalary “manysyz we kinaýaly” diýip ret etdi.

XS
SM
MD
LG