Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Kafkanyň golýazmalaryny milli miras diýip yglan edýär


Frans Kafka.
Frans Kafka.

Ysraýyl ahyrynda Kafka baradaky sud işinde öz maksadyna ýetene meňzeýär.

Ysraýylyň Ýokary kazyýeti Frans Kafkanyň golýazmalarynyň "Milli kitaphana" berilmegi barasynda karar kabul etdi. Şeýle karara gaty uzaga çeken kazyýet işleriniň netijesinde gelindi.

Ysraýylyň Ýokary kazyýetiniň kararyna görä, Frans Kafkanyň golýazmalary Ieursalimdäki Milli kitaphananyň eýeçiligine geçirilmeli. Bu baradaky karar duşenbe güni çykaryldy. Ysraýylyň hökümeti, ol golýazmalary Ysraýylyň milli hem medeni mirasy höküminde ykrar edipdir.

Kafka Çehiýanyň paýtagty Pragada dünýä inýär we 1924-nji ýylda, 40 ýaşlarynda mergi keselinden aradan çykýar. Ol ölmezinden owal golýazmalaryny gowy görýän dosty Maks Broda berip, olary otlamagyny haýyş edýär.

Frans Kafkanyň Çehiýada saklanýan golýazmalaryndan bir nusga.
Frans Kafkanyň Çehiýada saklanýan golýazmalaryndan bir nusga.

Brod golýazmalary otlamaga dözmändir we olaryň köpüsini çap etdiripdir. 1939-njy ýylda, ýewreýleriň aglaba köpçüligi ýaly, ol hem Ýewropany terk edip, Palestina göçýär. Maks Brod şonda öz ýany bilen Kafkanyň golýazmalaryny hem alyp gidýär.

Ol 1968-nji ýylda, Tel-Awiwde dünýäden ötmezden owal, kömekçisi Esther Hoffe eden wesýetinde golýazmalary Ieursalimdäki Ýewreý uniwersitetine ýa-da Tel-Awiwiň ýerli kitaphanasyna o bolmasa-da, Iraildä ýa-da şonuň ýaly haýsydyr bir gurama bermegini tabşyrýar. Ýöne Hoffe Kafkanyň "Kazyýet" atly eseriniň golýazmasyny 2 million dollara satýar we galanlaryny bolsa gyzlary Ewa Hoffe bilen Ruth Wieslere wesiýet edip, 2007-nji ýylda dünýäden ötýär.

2009-njy ýylda Hoffeniň maşgalasyna garşy başlanan sud işinde Ysraýyl hökümeti Maks Broduň soňky islegini berjaý etmek üçin çap edilmedik golýazmalar bilen bilelikde Kafka degişli ähli golýazmalaryň hökümete tabşyrylmagyny talap edýär. Hoffeniň gyzlary bolsa bu talaby ret edýärler hem-de Broduň wesýetinde Kafkanyň golýazmalarynyň Ysraýylda syýasatdan uzak durýan bir gurama berilmelidiginiň açyk-aýdyň ýazylandygyna tekrarlaýarlar.

Frans Kafkanyň gowy görýän dosty Maks Brod 1960-njy ýyllarda Tel-Awiwde.
Frans Kafkanyň gowy görýän dosty Maks Brod 1960-njy ýyllarda Tel-Awiwde.

Bazar güni kazyýetde garalan işde Ysraýylyň ýokary kazyýeti Maks Broduň wesýeti bilen baglanyşykly: "Maks Brod, wesiýetinde golýazmalaryň ýokary bahadan satylmagyna garşy çykypdyr. Olaryň diňe edebiýat ýa-da medeniýet guramalaryna tabşyrylmagyny isläpdir" diýen görnüşde düşündiriş berdi.

Yslaýylyň milli kitaphanasynyň ýaýradan maglumatyna görä, olar Kafka bilen Broduň arasynda ýazysylan hatlary, Kafkanyň Pariž žurnallaryny we dürli eserleriniň suratlaryny almakçy. Hoffe we onuň gyzlary Kafka degişli hazynanyň agramly bölegini Ysraýyldaky we Şweýsariýadaky banklarda saklaýarlar.

XS
SM
MD
LG