Sepleriň elýeterliligi

Samarkand: YD bilen bagly bäş adama iş kesildi


Özbegistanyň Samarkand şäheri

Özbegistanyň Samarkand şäheri

Özbegistanyň Samarkand şäheriniň regional sudy bäş ýerli ýaşaýjyny Siriýada “Yslam döwleti” (YD) atly terrorçy guramanyň söweşijilerine goşulmak niýeti üçin türmä höküm etdi.

Suduň 12-nji awgustda aýtmagyna görä, dört erkek adama we bir zenana iş kesilip, olar 10 we 13 ýyl aralygynda tussaglyk möhletine höküm edilipdir.

Bu adamlardan üçüsi Türkiýäniň üstünden Siriýa gitmäge synanyşanda Orsýetiň Soçi portunda ele salynyp, Özbegistana deportasiýa edilidir.

Iýul aýynyň başynda Samarkand şäheriniň ýene alty ýaşaýjysy Siriýada we Yrakda YD söweşijilerine goşulmak planlary üçin uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýüzlerçe raýatynyň Siriýada we Yrakda YD toparynyň düzüminde söweşýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG