Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Google Mapsdaky" iki täzelik


Kompýuterde "Google Mpas" programmasyndan peýdalanýan ulanyjy.
Kompýuterde "Google Mpas" programmasyndan peýdalanýan ulanyjy.

Karta diýlende ilkinji nobatda ýada düşýän programmalaryň biri bolan "Google Maps" üçin iki sany täze aýratyn hyzmat işe girizildi.

Bu täze aýratynlyklar programmanyň "Android" görnüşine täzelikleriň seplenmegi bilen güýje girýär.

Birinji täze aýratynlyga görä, indi mundan beýläk bu programmany ulanýanlar ony diňe Wi-Fi internet ulgamy bilen çäkli ýagdaýda işledip bilerler. Bu aýratynlyk geçen aý synagdan geçirilmäge başlanypdy.

Ikinji täzelik bolsa, programmany ulanýanlaryň internet bolmadyk mahaly alyp goýan kartalarynyň SD kart ýadynda saklanyp soň görmäge mümkinçilik döredilendigi. Mundan owal programmany ulanýanlaryň alyp goýan kartalary göni telefonyň ýadyna seplenýärdi.

Programmanyň täzelenen görnüşini "Play Storeden" alyp bolýar.

XS
SM
MD
LG