Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkiýe YD garşy koalisiýadaky roluny dowam etdirer


Türkiýäniň Injirlik howa bazasy

Türkiýäniň Injirlik howa bazasy

Türkiýe “Yslam döwleti” atly ekstremist topara garşy göreş boýunça ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda hereket edýän koalisiýadaky roluny gowşatmazdan dowam etdirjekdigini aýtdy.

Türkiýäniň geçen aýda başa barmadyk harby agdarylyşykdan soň başga pikirdäkilere garşy görkezýän gysyşy Ankaranyň we Günbataryň arasynda dartgynlylyk döredipdi.

Goranmak ministri Fikri Isik bu çykyşyny 12-nji awgustda “Haberturk” telekanalynda etdi.

Türkiýe 15-nji iýulda agdarylyşyk geçirmek boýunça synanyşygyň yzýany müňrlerçe harbyny, şol sanda öz generallarynyň 40% çemesini iş başyndan çetleşdirdi we olaryň ABŞ-da ýerleşýän dindar Fethulla Guleniň tarapdarlary tarapyndan öjükdirilendigini aýtdy.

Gulen öz garşysyna öňe sürülýän aýyplamalary ret edýär.

ABŞ we ÝB Türkiýäniň hökümetini paýhas görkezmäge çagyrýar.

XS
SM
MD
LG