Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Greenland akulasy 400 ýyla çenli ýaşap bilýär


Greenland akulasy "Sanna" atly ylmy-barlag gämisiniň golaýynda, Demirgazyk Greenlandiýa (Julius Nielseniň alan suraty)
Greenland akulasy "Sanna" atly ylmy-barlag gämisiniň golaýynda, Demirgazyk Greenlandiýa (Julius Nielseniň alan suraty)

Alymlar Greenland akula balyklarynyň 400 ýyla çenli ýaşap bilýändigini anyklandyklaryny we bu açyşyň akulanyň iň köp ýaşaýan oňurgaly jandardygyny görkezýändigini habar berdiler.

Kopengagen uniwersitetiniň deňiz biology Julius Nielsen ýakynda “Sienсe” žurnalynda çap eden makalasynda alymlaryň 28 sany Greenland akulasynyň ýaşyny öwrenip, olaryň maksimal ömür ýaşyny anyklandygyny aýdýar.

400 ýyllyk urkaçy balygyň ýaşy onuň 17-nji asyrda doglandygyny aňladýar.

Alymlar Greenland akulasynyň örän haýal ýagny ýylda bir santimetr ösýändigini we kämillige 150 ýaşynda ýetýändigini aýdýarlar. Olar Demirgazyk Atlantikanyň sowuk suwlarynda uly çuňlukda duş gelýär.

Oňurgaly jandarlaryň ýaşyna degişli ozalky rekord Greenland läheňine degişlidigi, onuň ömür ýaşy 200-den geçip bilýär.

XS
SM
MD
LG