Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Garagum kanalynyň kenarynda suwsuzlykdan kösenýäris”


Plastik çüýşelere gaplanan suwlar.
Plastik çüýşelere gaplanan suwlar.

Türkmenistanda “halky ýokary hilli arassa agyz suwy bilen ygtybarly üpjün etmek berkarar ýurtda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biridir” diýlip, resmi metbugatda habar berilýär.

Emma şol bir wagtda, käbir türkmenistanlylar öz ýaşaýan sebitinde arassa agyz suw ýetmezçiliginiň möhüm problema bolup durýandygyny we agyz suwuny satyn alyp içmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Täze durmuş daýhan birleşiginden 72 ýaşly pensioner Parçagül daýza bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:04 0:00

XS
SM
MD
LG