Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Hazar deňziniň güni bellenildi


 Awaza görnüşi
Awaza görnüşi

Anna güni Türkmenistanda Hazar deňziniň güni bellenildi.

Türkmen telewideniýesi bu gün mynasybetli Hazaryň kenarynda ylmy-amaly maslahat geçirilendigini habar berýär.

Maslahata ýurt içinden we daşary ýurtlardan degişli ugurlaryň abraýly alymlary, halkara düzümleriniň bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar serişdeleriniň wekilleri gatnaşypdyr.

Maslahatda çykyş edenler gün tertibiniň esasy meseleleri - daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak barada gürrüň etdiler diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG