Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly Rostami dünýä rekordyny täzeledi


 Kianouş Rostami
Kianouş Rostami

Eýranly ştangaçy Kianouş Rostami 12-nji awgustda 85 kg agramda çykyş edip, 396 kg agramy göterip, dünýä rekordyny täzeledi we Eýranyň Rio Olimpiasyndaky ilkinji altyn medalyny gazandy.

Rostami ozal Eýranda maý aýynda 395 kg agramy göterip, rekord goýupdy. Rioda hytaýly Tian Tao hem 395 kg agramy göterip, kümüş medal gazandy. Ruminiýaly Gabriýel Sincraian bolsa bürünç medal gazandy.

Demirgazyk Koreýa hem, zenan ştangaçy Rim Jong Sim 75 kg agramda üstün çykanda, bu oýunlardaky ilkinji altyn medalyny gazandy.

Belarusly Darya Naumava kümüş, ispaniýalyLidia Valentin Perez bolsa bürünç medal gazandy.

XS
SM
MD
LG