Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Bäbek ogrulary tutuldy


Pakistanly bäbek

Pakistanly bäbek

Pakistan häkimiýetleri täze doglan bäbekleri ogurlap, çagasyz maşgalalara satmak bilen meşgullanan topar bilen bagly birnäçe hassahana işgärini tussag edendiklerini aýdýarlar.

Polisiýa 12-nji awgustda olaryň Peşewar şäherindäki çaga dogrulýan öýde täze doglan bäbekleri ogurlap, olaryň ýerine hassahanada ölen bäbekleriň jesetlerini goýýandyklaryny aýtdy.

Ogurlanan bäbekler 70 müňden 300 müň pakistan rupiýasy aralygynda, ýagny$650-$2,850 dollar aralygyndaky bahalardan satylypdyr.

Polisiýanyň maglumatyna görä, bu topar dokuz bäbegi ogurlandygyny we satandygyny boýun alypdyr.

XS
SM
MD
LG