Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taýland häkimiýetleri bombaçylary gözleýär


Taýland, partlamadan soň ätiýaçlyk çäresini görýän ýaşaýjylar.
Taýland, partlamadan soň ätiýaçlyk çäresini görýän ýaşaýjylar.

Taýland häkimiýetleri meşhur dynç alyş ýerlerini nyşana alan bomba partlamalarynyň arkasynda duran adamlary gözleýärler.

Polisiýa komissarynyň orunbasary Ponsapat Pongçaroen 13-nji awgustda žurnalistlere «biz munuň bir ruhlandyryjy guramanyň işidigine ynanýarys» diýdi.

Emma ol heniz hiç kimiň tussag edilmändigini we 11-12-nji awgustda günortadaky bäş welaýatda bolan 11 partlamanyň jogapkärçiligini hiç kimiň öz üstüne almandygyny aýtdy.

Bu partlamalarda dört adam ölüp, ondan gowrak adam ýaraly boldy.

Bu hüjümler ýurduň hökümete saldamly girdeji getirýän syýahatçylyk senagatyna zarba urmak üçin guralana meňzeýär.

XS
SM
MD
LG