Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Ýaragly güýçleriň 162 agzasy gözlenilýär


Adamlar tankyň üstünde. Ankara, 16-njy iýul, 2016.
Adamlar tankyň üstünde. Ankara, 16-njy iýul, 2016.

Türkiýäniň goranmak ministri Fikri Işik anna güni Ankarada Türkiýäniň «Haberturk» telekanaly bilen söhbetdeş bolup, 16-njy iýulda öňi alnan harby agdarylyşyk synanyşygyndan soňky wakalar barada gürrüň berdi.

"Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň jemi 162 agzasy, şol sanda üç sany harby ataşe gaçgaklykda, biz olary gözleýäris» diýip, ol aýtdy.

Ministriň sözlerine görä, gözlenilýän harby ataşeleriň üçüsi hem daşary ýurtda. Olaryň biri Türkiýäniň Bosnia-Herzegowinadaky harby ataşesi, beýleki ikisi bolsa Gresiýada harby ataşelik edýän eken. Emma olar Italiýa gaçypdyr diýip, goranmak ministri aýtdy.

«Şeýle-de biz gaçgaklykdaky generallaryň biriniň daşary ýurda gidendigini bilýäris, emma beýlekiler entek Türkiýede diýip çaklaýarys, elbetde, gaçyp çykýançalar» diýip, Fikri Işik sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de ol, agdarylyşyk synanyşygyndan soň, häzire çenli Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň, şol sanda harby polisiýanyň agzalarynyň 3185-siniň işden boşadylandygyny aýtdy.

«Bularyň jemi sany 3185, bu san 151 generaly we admiraly hem öz içine alýar. Kanunçylyk prosesi dowam etdirilýär. Eger zerur bilinse, bu işden aýyrmalar dowam etdirilip bilner» diýip, Işik aýtdy.

Goranmak ministriniň sözlerine görä, Türkiýäniň Harby-howa güýçlerinden 265 pilot işden çykaryldy.

"Türkiýe Daeşe («Yslam döwleti» jeňçi topary) garşy söweşini aýgytlylyk bilen dowam etdirer. Daeş Birleşen Ştatlara we Orsýete garanda Türkiýä has kän wehim salýar» diýip, Fikri Işik Türkiýäniň bu howpy çyny bilen ýok etmek isleýändigini aýtdy.

Şu sebäpden ol Türkiýäniň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa bilen hyzmatdaşlygynyň arasy bölünmezden dowam etdiriljekdigini belledi.

Şu aralykda Türkiýe BMG-niň adam hukuklary boýunça baş resmisiniň Ankaranyň başa barmadyk agdarylyşyk synanyşygyndan soňky öç almalaryny bes etmelidigi barada aýdan sözlerini hem tankyt etdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Tanju Bilgiç 13-nji awgustda BMG-niň resmisiniň aýdan sözleri kabul ederlik däl diýdi.

Şeýle-de Bilgiç resmileriň we professionallaryň arasynda geçirilýän arassalaýyşda adam hukuklarynyň bozulýandygyny ret etdi.

BMG-niň adam hukuklary boýunça baş komissary Zeid Ra'ad Al Hussein şu hepde Ankarany 15-nji iýulda başa barmadyk agdarylyşyk synanşygyndan bäri tussag edilenleriň hukuklaryny hormatlamaga çagyrdy.

Türk häkimiýetleri onlarça müň esgeriň, polisiýa ofiseriniň, sudýalaryň, žurnalistleriň we döwlet gullukçylarynyň işini derňeýär.

Günbatar ýaranlary prezident Rejep Taýyp Erdoganyň döwlet agdarylyşygy synanyşygyny arassalaýyş geçirmek we öz häkimiýetini has berkitmek üçin ulanmagyndan alada edýärler.

Erdogan Türkiýäniň Birleşen Ştatlarda ýaşaýan ruhany Fethulla Güleniň guramasyndan dyndyrmak wadasyny berdi. Ol Güleniň howpsuzlyk güýçleriniň, sudlaryň we hökümet gullukçylarynyň hataryna goşulan eýerijilerini döwleti eýelemek üçin dil düwüşmekde we agdarylyşyk synanyşygynda aýyplady.

Gülen bu aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG