Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wise-prezidenti Türkiýä sapar eder


ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden

Türkiýe ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýdeniň 24-nji awgustda Türkiýä sapar etjekdigini aýdýar.

Bu sapar Ankara bilen Günbatar döwletleriniň arasynda geçen aý bolan başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soňky köpçülikleýin basyp ýatyryş bilen bagly dörän dartgynlyklara gabat gelýär.

Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýildirim bu sapar barada žurnalistlere 13-nji awgustda, Stambulda habar berdi.

Şeýle-de Ýildirim Waşingtonyň Türkiýäniň Birleşen Ştatlarda ýaşaýan ruhany Fethulla Guleni ekstradisiýa etmek baradaky talabyna çemeleşmesiniň gowulaşandygyny aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Ankara başa barmadyk döwlet agdarylyşygynyň arkasynda Güleniň durandygyny aýdýar. Ýöne Ýildirim Waşingtonyň bu meseldäki garaýşy barada hiçjikme-jikligi aýtmady.

Ankara Güleniň hereketini terror guramasy diýip häsiýetlendirýär we onuň Türkiýä berilmegini we sud jogapkärçiligine çekilmegini isleýär. Emma Waşington ozal özüne ruhanynyň gürrüňi edilýän waka gatnaşygy barada subutnama gerek boljakdygyny aýdypdy.

Gülen başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygyna özüniň hiç bir dahylynyň ýokdugyny aýdyp, bu aýyplamany ret edýär.

Şeýle-de Ýildirim 15-nji iýulda 270-den gowrak adamyň ölümine getiren agdarylyşyk synanyşygyndan bäri jemi 81,494 adamyň, şol sanda sudýalaryň, esgerleriň, hökümet gullukçylarynyň ýa işiniň togtadylandygyny, ýa işden boşadylandygyny aýtdy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Türkiýäni Gülen guramasyndan, onuň hopsuzlyk güýçlerine, sudlara we hökümet işlerine giňden aralaşan agzalaryndan dyndarmagy wada berdi.

Emma muňa garamazdan, agdarylyşyk synanyşygyndan soň giň gerim alan arassalaýyş çäreleri Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi we adam hukuklary guramalary tarapyndan tankyt edilýär. Olar Erdogan bu arassalaýşy öz häkimiýetini has-da berkitmek üçin ulanýan bolmasyn diýip howatyr edýärler.

Türkiýe BMG-niň adam hukuklary boýunça baş resmisiniň Ankaranyň başa barmadyk agdarylyşyk synanyşygyndan soňky «öç almalaryny bes etmelidigi» barada aýdan sözlerini berk tankyt etdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Tanju Bilgiç 13-nji awgustda BMG-niň resmisiniň aýdan sözleri kabul ederlik däl diýdi.

Şeýle-de Bilgiç resmileriň we professionallaryň arasynda geçirilýän arassalaýyşda adam hukuklarynyň bozulýandygyny ret etdi.

BMG-niň adam hukuklary boýunça baş komissary Zeid Ra'ad Al Hussein şu hepde Ankarany 15-nji iýulda başa barmadyk agdarylyşyk synanşygyndan bäri tussag edilenleriň hukuklaryny hormatlamaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG