Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Steinmeier aleppolylara kömek bermeli diýýär


Frank-Walter Steinmeier
Frank-Walter Steinmeier

Germaniýanyň daşary işler ministri Siriýanyň daşy gabalan şäheri Aleppodaky mätäç adamlar üçin «howa köprüleri» arkaly ynsanperwer kömeginiň ýetirilmeginiň zerurdygyny aýdýar.

Ministr Frank-Walter Steinmeier 13-nji awgustda «Welt am Sonntag» gazetine Germaniýanyň Birleşen Ştatlar, Orsýet we BMG bilen Siriýanyň demirgazyk şäherine gyssagly ynsanperwer kömegini gurnamak barada gepleşýändigini aýtdy.

Atyşygy bes etmek baradaky çagyryşlara we Orsýetiň her gün howa zarbalaryna, ynsanperwer kömegine ýol açmak üçin, üç sagat arakesme bermek baradaky wadalaryna garamazdan, bu ýerdäki uruş-gowga köşeşmedi.

Steinmeier 15-nji awgustda Orsýetiň Ýekaterinburg şäherinde rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşyp, Siriýa krizisini ara alyp maslahatlaşmaly.

Bu duşuşyk Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň şu hepde Orsýete sapar edip, rus prezidenti Wladimir Putin bilen Siriýa konflikti baradamaslahat etmeginiň yz ýanyna gabat gelýär.

XS
SM
MD
LG