Sepleriň elýeterliligi

SLG: Ýemende 10 okuwçy öldürildi


Ýemen, Sanaa, jigisini göterip gelýän oglan. 11-nji awgust, 2016

Ýemen, Sanaa, jigisini göterip gelýän oglan. 11-nji awgust, 2016

Serhetsiz lukmanlar guramasy demirgazyk Ýemene urlan howa zarbasynda 10 sany mekdep okuwçysynyň öldürilendigini, 28-siniň bolsa ýaralanandygyny aýdýar.

Serhetsiz lukmanlar guramasy 14-nji awgustda bu hadysanyň bir gün öň, Saada welaýatynda bolandygyny aýtdy.

Bu töwerek Eýranyň goldawyndaky huti pitneçileriniň elinde we saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa olara garşy howa zarbasyny urýar.

BMG bu hüjümi tassyklady we sebitdäki zorluk-sütemiň ýygjamlaşmasyna garşy duýduryş berdi.

BMG-niň maglumatyna görä, saudlylaryň ýolbaşçylygynda 2015-nji ýylyň martynda urlup başlanan howa zarbalaryndan bäri 6400-den gowrak adam öldürildi.

XS
SM
MD
LG