Sepleriň elýeterliligi

Şweýsar otlusynda pyçaklanan aýal we hüjümçi ýogaldy


Gotthard demirýol ötügi

Gotthard demirýol ötügi

Şweýsar polisiýasy pyçakly adamyň otla ot bermezden öň ýolagçylary pyçaklandygyny we pyçak hem ýanyk ýaralary bilen ýedi adamyň hassahana düşmegine sebäp bolandygyny aýdýar.

Soňky maglumata görä, ýaraly bolanlaryň biri, 34 ýaşyndaky aýal 14-nji awgustda pyçak ýarasyndan jan berdi, güman edilýän hüjümçi hem öldi. Üç ýaralynyň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.

Güman edilýäniň özi, 27 ýaşyndaky şweýsar raýaty hem 13-nji awgustda hassahana ýerleşdirilipdi.

Bu hadysa ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky St. Gallen okrugynda bolupdyr.

Ýaraly bolanlaryň arasynda çaga-da bar. Otly Salez stansiýasyna baranda amala aşyrylan hüjümiň motiwi aýdyň däl.

"Biz munuň terror akty bolandygyny-da, bolmandygyny-da aýdyp biljek däl» diýip, polisiýanyň sözçüsi aýtdy.

XS
SM
MD
LG