Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Ýorkda iki musulman atylyp öldürildi


Nýu-Ýork polisiýasy
Nýu-Ýork polisiýasy

Nýu-Ýork şäheriniň Kwins etrabynda bir musulman ruhanysy we onuň ýoldaşy, 13-nji awgustda metjitdäki agşam namazyndan gelýärkä, ýaragly adam tarapyndan atylyp öldürildi.

Ýaragly adam olaryň arkasyndan gelip, ýakyn aralykdan, ikisiniň hem kellesinden tüpeňledi. Polisiýa bu iş bilen bagly hiç kimiň tussag edilmändigini aýtdy.

Bu hüjümiň sebäbi bada-bat belli bolmady we ol iki adamyň dini ynanjy sebäpli tüpeňlenendiginiň delili tapylmady diýip, Nýu-Ýork şäheriniň polisiýa bölüminiň sözçüsi aýtdy. Şol bir wagtda polisiýa bu ýerde şeýle ähtimallygyň hem bolup biljekdigini aradan aýyrmaýar.

Ymam Maulama Akonji, 55, we Thara Uddin, 64, diýlip tanadylan pidalar tüpeňlenen wagtynda dini eşikli eken. Olar hassahanada jan berdi.

XS
SM
MD
LG